Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar ösdüriler
Owganystanyň söwda-senagat ulgamynyň wekiliýeti Aşgabatda resmi iş saparynda bolup, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek we iki ýurduň arasynda bilelikdäki maýa goýumlary artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Gepleşiklerde ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, söwda alyş-çalşygynyň möçberlerini artdyrmak, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de täze maýa goýum mümkinçiliklerini döretmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Taraplar Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!