«Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» okuw kitaby çap edildi
Ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar» okuw kitaby çap edildi we oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň kitap gorlarynyň üstüni ýetirdi.
Okuw kitabynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň innowasion tehnologiýalary, ylmyň gazananlary, önümçilige ornaşdyrylan häzirki zaman tehnologiýalar, suw we iýmit düzgüni barada ylmy-önümçilik taýdan ähmiýetli maglumatlar, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly meselelere üns berilýär.
Bu okuw kitabynyň bölümlerinde ýurdumyzda öňe sürülýän esasy ekinler bolan bugdaýyň, gowaçanyň, gant şugundyrynyň, şalynyň, şeýle hem ýeralmanyň, dänelik we ot-iýmlik mekgejöweniň, ýorunjanyň, aralyk ekinleriň ösdürilip ýetişdirilişi, topragy gurplandyrmakdaky ähmiýeti, ulanylýan döwrebap tehnikalar, tehnologiýalar barada beýan edilýär.
Okuw kitaby Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we institutynyň talyplary üçin niýetlenip, ondan ýöriteleşdirilen orta hünär okuw mekdepleriniň degişli hünärleriniň talyplary, ylmy işgärler, hünärmenler, mülkdarlar, daýhanlar, kärendeçiler hem-de bu ugur bilen gyzyklanýan beýleki okyjylar köpçüligi hem peýdalanyp bilerler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!