| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 26.07.2026, 14:54 26

Şu ýylyň ilkinji alty aýynda uglewodorodlary çykarmak boýunça meýilnama artygy bilen berjaý edildi

Şu ýylyň ilkinji alty aýynda uglewodorodlary çykarmak boýunça meýilnama artygy bilen berjaý edildi

«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça 2026-njy ýylyň geçen alty aýynda ýeriň astyndan çykarylan «gara altynyň» möçberi 2 million 53 müň tonna golaýlady.

«Nebitgazçykaryş» trestiniň müdirlikleri boýunça hasabat döwründe bellenilen meýilnamadan daşary 155 müň 800 tonna nebit çykarylyp, tabşyryk 108,5 göterim ýerine ýetirildi.

Konserniň kenarýaka çäginde iş alyp barýan «Hazarnebit» döwlet kärhanasy boýunça meýilnamadan daşary çykarylan «gara altynyň» möçberi 1 müň 227 tonna deň boldy.

Hasabat döwründe konserniň nebitgaz çykaryş müdirlikleri tarapyndan 2 milliard 454 million 626 müň kub metr tebigy gaz çykarylyp, sarp edijilere ýetirildi.

Ýanaşyk gazlaryň bol akymyny almakda «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi, soňra bolsa «Keýmir», «Goturdepenebit» we «Gumdagnebit» nebitgazçykaryş müdirlikleri nusgalyk işleri berjaý etdiler.

Serişdelere baý bolan ýataklarda «gara altyny» çykarmakda «Keýmir» nebitgazçykaryş müdirliginde gazanylan üstünlik aýratyn tapawutlandy. Bu kärhana boýunça geçen hasabat döwründe önümli guýulardan alnan nebit çig malynyň möçberi 236 müň 613 tonna ýetirilip, tabşyryk 122 göterim berjaý edildi.

Geçen alty aýda gazanylan üstünliklere konserniň «Goturdepenebit» we «Ýaşyldepe» nebitgazçykaryş müdirlikleri hem uly goşant goşdular. Bu öňdebaryjy kärhanalarda hasabat döwrüniň meýilnamalary degişlilikde 111 we 115 göterimden gowrak ýerine ýetirildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!