| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 22.07.2026, 17:38 32

6 aýda 2 million tonnadan gowrak nebit çykaryldy

6 aýda 2 million tonnadan gowrak nebit çykaryldy

«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça şu ýylyň geçen ýarym ýylynda ýeriň jümmüşinden alnan nebitiň möçberi 2 million 53 müň tonna golaýlady.

«Nebitgazçykaryş» trestiniň müdirlikleri boýunça hasabat döwri üçin bellenilen meýilnama goşmaça 155 müň 800 tonna barabar nebit çykarylyp, tabşyryk 108,5 göterim amal edildi.

Şeýle-de konserniň deňiz ýakasynda iş alyp barýan «Hazarnebit» döwlet kärhanasy boýunça meýilnamadan daşary çykarylan nebitiň möçberi 1 müň 227 tonna barabar boldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!