| Ashgabat | 28°C
Bilim 13.07.2026, 14:31 46

Türkmenistanda täze hünärler açylýar

Türkmenistanda täze hünärler açylýar

Türkmenistanda 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň 20-si açylýar.

Hünärmen maksatnamasy boýunça jemi 10 hünär:

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary; metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak (nebitgaz pudagynda),

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy; IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda pedagogika bilimi (arap dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty); maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; ekologiýa; psihologiýa; ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa, psihologiýa),

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy hünärleri täze açylýar.

Bakalawr maksatnamasy boýunça 4 taýýarlygyň ugry:

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda pedagogika bilimi (bedenterbiýe),

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde emeli aň we ekspert ulgamlary; mehatronika we robot tehnikasy,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda pedagogika bilimi (urdu dili, türkmen dili we edebiýaty) taýýarlygyň ugurlaryna ilkinji dalaşgärler okuwa kabul ediler.

Magistr maksatnamasy boýunça 6 taýýarlygyň ugry:

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; maglumat howpsuzlygy (nebitgaz pudagynda); nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ösümlikleri goramak we biotehnologiýa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda parahatçylyk we bitaraplyk taýýarlygyň ugurlary açylýar.

Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 13-nji iýuldaky sanynda habar berilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!