| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 23.07.2026, 18:23 43

Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň işewürler maslahaty geçiriler

Aşgabatda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň işewürler maslahaty geçiriler

Şu ýylyň 27-29-njy iýuly aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler.

Maslahatyň çäklerinde degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň hem-de işewür toparlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.

Duşuşyklarda gurluşyk senagatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, önümçilik mümkinçiliklerini tanyşdyrmak hem-de täze hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu işewürler maslahaty söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegine, telekeçileriň arasynda täze hyzmatdaşlyk baglanyşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam berer.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!