Türkmenistanly okuwçylar Daşkentde geçirilen olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler
Şu ýylyň 10–19-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 58-nji Halkara himiýa olimpiadasy geçirildi.
Dünýäniň 92 döwletinden 363 zehinli okuwçyny jemlän abraýly halkara bäsleşikde gatnaşyjylar himiýa boýunça nazary taýýarlyklaryny hem-de barlaghana tejribelerini ýerine ýetirmek ukyplaryny görkezdiler.
Türkmenistanyň adyndan bu olimpiada Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň topary gatnaşdy.
Bäsleşigiň jemleri boýunça mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Ilmämmedow Pälwan kümüş medala, 12-nji synp okuwçylary Döwletow Diýar, Orunowa Aýlar hem-de Jumaýew Rüstem bolsa bürünç medallara mynasyp boldular.
Netijede, türkmen okuwçylary 1 kümüş we 3 bürünç medal gazanyp, ýurdumyzyň halkara himiýa olimpiadalaryndaky üstünlikleriniň üstüni nobatdaky gezek ýetirdiler.
Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň internet saýty habar berýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!