Türkmen hususy kärhanalary “CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmaga çagyrylýar
Ýurdumuzyň energetika, akylly ulag we logistika hem-de möhüm minerallar ulgamlarynda işleýän hususy kompaniýalary 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabry – 1-nji oktýabry aralygynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde geçiriljek “CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmaga çagyrylýar.
Işewürlik forumy Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň sekretariaty wezipesini ýerine ýetirýän Aziýa Ösüş Bankynyň guramagynda CAREC-iň 25-nji Ministrler maslahatynyň çäklerinde geçiriler.
Forum “Maýa goýumlaryny giňeltmek – infrastruktura özgertmelerini ilerletmek”, “Mongoliýa sebitiň üns merkezinde” diýen mowzuklar boýunça geçiriler.
Çäräniň dowamynda “Energetika we özara arabaglanyşyk”, “Akylly ulag we logistika” hem-de “Möhüm minerallar” boýunça üç sany ugurdaş kiçi forum hem geçiriler.
Gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän hususy kärhanalar https://carecprogram.org/?event=carec-business-Forum-2026 salgysy arkaly bellige alynmaga çagyrylýar.
Hasaba alyş şu ýylyň 15-nji awgustyna çenli dowam edýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!