Türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Polatly haryt biržasynyň işi bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekiliýeti Türkiýäniň Polatly haryt biržasyna baryp, bu ýerde oba hojalyk önümleriniň elektron söwdasy, barlaghana hyzmatlary we ammarlarda saklanyş ulgamy boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdy.
Türkiýäniň Polatly haryt biržasy 1984-nji ýylda döredilen birža öz barlaghanasyna we ammarlaryň infrastrukturasyna eýe bolup, ol söwda amallarynyň aç-açanlygyny hem-de sebitiň agrar bazarynyň ýagdaýyna gözegçiligi üpjün edýär.
Mundan ozal, TDHÇMB-niň wekilleri Türkiýäniň Söwda-senagat edaralary we haryt biržalary birleşiginiň prezidenti M. Rifat Hisarjyklyogly, şeýle hem TOBB-niň Baş sekretarynyň orunbasary Mustafa Baýburtly bilen duşuşyklary geçirdiler.
Taraplar Türkmenistanyň we Türkiýäniň birža guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!