Türkmen-özbek işewürlik forumy öz işine başlady
27-nji iýulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda türkmen-özbek işewürlik forumy öz işine başlady.
Forumyň maksatnamasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň gurluşyk hem-de senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygynyň ugurlaryna bagyşlanan mejlisiň geçirilmegi göz meýilleşdirilýär.
Şeýle-de, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň, şeýle hem gurluşyk materiallaryny we senagat enjamlaryny öndürmek bilen meşgullanýan özbek kompaniýalarynyň wekilleriniň çykyş etmegine garaşylýar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!