CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy bäsleşik yglan etdi
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy 2024–2025-nji hasabatlyk döwri üçin maliýe hasabatynyň garaşsyz audit barlagyny geçirmek boýunça bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanylmaly, sahypalary tikilmeli hem-de belgilenmeli we möhür bilen tassyklanan ýapyk bukjada tabşyrylmalydyr.
Resminamalar 1 asyl nusgada we 1 göçürme nusgada, şeýle hem tutuş resminamanyň skanirlenen görnüşi hökmany tertipde goşulmalydyr.
Bukjanyň ýüzünde kabul edijiniň we iberijiniň ady, tenderiň belgisi hem-de ady görkezilmelidir.
Has giňişleýin görnüşdäki maglumatlary internet saýtymyzyň tenderler bölüminden görüp bilersiňiz.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!