Türkmenistan – Belarus: birža söwdasynda öňe saýlandy
Türkmenistanyň Belarus bilen birža arkaly söwda dolanyşygynyň ösüş depgini şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça GDA ýurtlarynyň arasynda iň ýokary netijäni görkezdi.
Bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwrüniň derejesine görä 360 göterime ýetdi. Ösüş depgini boýunça indiki orunlary Täjigistan we Gazagystan Respublikalary eýeledi.
Olarda bu görkeziji degişlilikde 2025-nji ýylyň degişli döwrüniň derejesine görä 308% we 139% boldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!