«Tudana» gerimini giňeldýär
«Tudana» diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyk gazanýar.
Häzirki güne çenli kompaniýa özüniň önümlerini daşary ýurtlara yzygiderli eksport etmegi ýola goýdy.
Datly ýertudanalary bilen tapawutlanýan «Tudana» hojalyk jemgyýetiniň önümlerini Dubaýa hem eksport edip başlamagy bu önümçiligiň geriminiň giňeýänidiginiň subutnamasydyr.
Ýokary hilli ýertudanalaryň häzirki wagtda umumy meýdany 14 gektara deň bolan döwrebap, ýokary tehnologiýaly ýyladyşhana toplumlarynda ýetişdirilýär.
Eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmak maksady bilen, häzirki wagtda ýene-de täze ýyladyşhanalaryň gurluşygy alnyp barylýar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!