| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 17.07.2026, 14:11 35

Gruziýanyň Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysy bilen türkmen wekiliýetiniň duşuşyklary geçirildi

Gruziýanyň Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysy bilen türkmen wekiliýetiniň duşuşyklary geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen Gruziýanyň Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysy Lewan Žoržolianiniň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Gruziýanyň hökümetiniň berýän maglumatyna görä, söhbetdeşlikde dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda syýasy we ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Orta geçelgäniň ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda Gruziýanyň möhüm ornuna aýratyn üns berildi.

Lewan Žoržoliani Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bolan duşuşyklarda Gruziýanyň hökümetiniň Hazarüsti halkara geçelgesini ösdürmek ugrunda amala aşyrýan möhüm maýa goýum taslamalary barada gürrüň berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!