Türkmenistanyň Ilçisi bilen Maldiwler Respublikasynyň Daşary işler ministriniň arasynda duşuşyk geçirildi
Male şäherinde Türkmenistanyň Maldiw Respublikasyndaky Ilçisi Ş. Geldynazarow Maldiw Respublikasynyň daşary işler ministri Iruşitam Adam bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Türkmenistan bilen Maldiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!