Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler
Aşgabatda şu ýylyň 27–29-njy iýuly aralygynda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler.
Işewürler maslahatynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary we B2B gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Gepleşiklerde gurluşyk senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, önümçilik mümkinçiliklerini tanyşdyrmak hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär.
Iki ýurduň arasynda geçiriljek bu işewürler maslahatynyň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, telekeçileriň arasynda täze hyzmatdaşlyk baglanyşyklaryny ýola goýmakda hem-de geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde ýardam etmegine garaşylýar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!