Türkmenistanda şu ýyl näçe adam talyp bolar?
Geçen ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine 17 müňe golaý talyp kabul edildi. 2026-njy ýylda bolsa bu görkeziji 18 müňden geçer. Has takygy 1239 dalaşgär köp kabul ediler.
10-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýyl ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guramak bellenilipdi.
Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň 13-nji iýuldaky sanynda habar berilýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!