| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 23.07.2026, 12:03 27

Türkiýäniň haryt biržasy bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Türkiýäniň haryt biržasy bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekiliýeti şu ýylyň 22–23-nji iýulynda Türkiýäniň haryt biržasy bilen iş duşuşyklaryny geçirmek üçin iş sapary bilen Ankara şäherine bardy.

Maksatnamanyň çäklerinde iki ýurduň biržalarynyň wekilleri ygtyýarlandyrylan ammarlarda önümleri saklamak ulgamy, elektron ammar resminamalar bazary, oba hojalyk önümleriniň haryt bazarlarynyň işi boýunça maglumat we tejribe alyşarlar.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen Türkiýäniň haryt biržasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem haryt bazarlarynyň gurluşy we iş ýörelgeleri bilen tanyşmak boýunça duşuşyklar geçiridi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!