Sarp edijiler elektrik energiýasy bilen doly üpjün ediler
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy. Bu barada 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda bellenildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, ýurduň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, şeýle hem döwrebap tehnologiýalary we häzirki zaman enjamlaryny önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Bu işler ýurduň energetika kuwwatynyň has-da artmagyna, sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen doly üpjün edilmegine, elektrik energiýasynyň belli bir möçberiniň daşary ýurtlara iberilmegine, şeýle hem täze önümçilikleriň ýola goýulmagyna ýardam berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda elektrik energetika pudagyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere ýurduň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!