“Petronas” dekabrda geologiýa-gözleg işlerine başlar
Malaýziýanyň “Petronas” korporasiýasy şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki gaz ýataklarynda geologiýa-gözleg işlerini geçirmäge başlar.
Malaýziýanyň Hökümet Baştutanynyň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň dowamynda “Türkmennebit” döwlet konserni, “Hazarnebit” döwlet kärhanasy we “Petronas” kompaniýasynyň şahamçasy bolan “Petronas Carigali Sdn. Bhd” Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji ygtyýarnamaly deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekişdiler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!