Magistratura maksatnamalary boýunça 6 sany täze ugurlar açyldy
Magistratura maksatnamalary boýunça Türkmenistanyda täze ugurlaryň 6-sy — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi, maglumat howpsuzlygy, nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ösümlikleri goramak we biotehnologiýa; Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda parahatçylyk we bitaraplyk ugurlary açylýar.
Täze hünär ugurlarynyň her biri Watanymyzy ösdürmegiň strategik maksatnamalary bilen berk baglanyşyklydyr.
Bu ugurlarda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistany ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şertidir.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!