| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 18.07.2026, 14:53 31

Gruziýa demir ýol hyzmatdaşlygyny ösdürmek maslahatlaşyldy

Gruziýa demir ýol hyzmatdaşlygyny ösdürmek maslahatlaşyldy

Tbiliside Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň we “Gruziýanyň demir ýoly” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak, Türkmenistan bilen Gruziýanyň çäginde ýük daşamak üçin amatly nyrh şertlerini döretmek we iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Bu barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň internet saýty habar berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!