Türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Türkiýäniň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetiniň rektory, professor, doktor Rahmi Eriň arasynda geçirilen duşuşykda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga dostlukly iki ýurduň bilim we awiasiýa ulgamlarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Taraplar bilim we ylym ulgamlarynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem awiasiýa pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Professor, doktor Rahmi Er uniwersitetiň alyp barýan işi hem-de türkmen uçarmanlaryny taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk barada giňişleýin maglumat berdi.
Gepleşikleriň dowamynda raýat awiasiýasy, uçuş howpsuzlygy, awiasiýa tehnologiýalary, logistika, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlarynda bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meselelerine garaldy.
Şeýle hem talyplaryň we professor-mugallymlaryň ylmy alyş-çalşyny guramak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny işläp taýýarlamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!