Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük, çig ýüpek, pagta ýagynyň soapstogy ýerlenildi.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdmyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 78 million 93 müň manada deň bolan nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar.
Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň 27-nji iýul sanynda habar berildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!