Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi halkara bäsleşik yglan etdi
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ministrlik hem-de Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy üçin bir bitewi merkezleşdirilen maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, häzirki zaman serwer, şeýle-de maglumat howpsuzlygyny üpjün edýän aragatnaşyk (gorag) enjamlaryny satyn almak, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerine eýe bolan döwrebap programma üpjünçiligini işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar degişli maglumatlaryministrlikden iş günleri sagat 9:00-dan 18:00-a çenli alyp bilerler.
Bäsleşik boýunça teklipler 30 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.
Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň 17-nji iýul sanynda habar berilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Goşmaça görnüşde aşakdaky maglumatlara ýüz tutup bilersiňiz!
39-48-49
39-48-93.
Internet saýty: http://mlsp.gov.tm
Elektron salgysy: mlsp@mlsp.gov.tm
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!