| Ashgabat | 28°C
Ykdysadyýet 30.07.2026, 11:17 23

1–2-nji oktýabrda Aşgabatda maýa goýum forumy geçiriler

1–2-nji oktýabrda Aşgabatda maýa goýum forumy geçiriler

“Ýyldyz” myhmanhanasynda 1–2-nji oktýabrda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler.

Forumda döwlet edaralarynyň, halkara maliýe institutlarynyň we işewür toparlarynyň wekilleri maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Forum Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan “Turkmen Congress” guramasynyň goldaw bermeginde guralar.

Forumyň çäklerinde özara duşuşyklar, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hukuk we maliýe meselelerine bagyşlanan amaly seminar, şeýle hem halkara maliýe institutlary we işewür toparlary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak boýunça çäreler geçiriler.

Gatnaşyjylary hasaba almak ýakyn wagtda forumyň resmi internet sahypasynda açylar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!