Tenderlar
“Türkmennebit” maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Önümçilik enjamlary
Açyk
“Türkmennebit” maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Описание
“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparynyň adyndan maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №202/1 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär.
**Lot №4 — Awtoulaglar, traktorlar, ýöriteleşdirilen enjamlar, olaryň bölekleri we ätiýaçlyk şaýlary**
Bäsleşige diňe bäsleşik resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelýän haryt öndürijiler gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň binasyna ýüz tutup, aşakdaky işleri ýerine ýetirmeli:
* bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank rekwizitlerini görkezip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
* “Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Bäsleşikleri geçirmegiň düzgünleri” we bäsleşige gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalar bilen tanyşmaly;
* lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
* bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarylmazlyk şerti bilen her lot üçin 575 ABŞ dollary möçberinde ýa-da şoňa deň bolan möçberi manat görnüşinde, GBS-ni we bank çykdajylaryny hasaba almazdan, tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Bäsleşik teklipleri bildirişiň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 12:00-a çenli kabul edilýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahalynda berilýär.
Bildiriş çap edilen pursadyndan başlap, doly bäsleşik teklibi ýerleşdirilen we möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga iberilmelidir. Teklipler degişli hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.
Bukjada hökmany suratda aşakdaky resminamalaryň elektron görnüşleri bolmalydyr:
* anketa;
* şertnamanyň esasy şertleri — Word görnüşinde;
* tehniki-ykdysady häsiýetnama — Excel görnüşinde.
Bäsleşige degişli zerur maglumatlary **[www.turkmennebit.gov.tm](http://www.turkmennebit.gov.tm)** we **[www.oilgas.gov.tm](http://www.oilgas.gov.tm)** internet saýtlaryndan ýükläp alyp ýa-da aşakda görkezilen salgy boýunça alyp bilersiňiz.
**Habarlaşmak üçin telefon belgileri:**
+993 12 40-39-90
+993 12 40-39-93
+993 12 40-31-06
+993 12 40-39-83
**Faks:**
+993 12 40-39-39
**Elektron poçta:**
[fer@turkmennebit.gov.tm](mailto:fer@turkmennebit.gov.tm)
**Salgy:**
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56