| Ashgabat | 30°C
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýär
Iş orunlarynyň boşlyklary 31.07.2026, 18:58 26

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýär

Ylalaşyk boýunça

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi şu ýylyň 3-nji awgustynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Çäre sagat 09:00-dan 11:00-a aralykda geçiriler.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklary hayş edilýär.

Çäre Ýolöten şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň 1-nji jaýynda geçiriler.

Habarlaşmak üçin erkanda görýän telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!

800560 6-28-01