| Ashgabat | 21°C
Saýat etrabynyň çäginde iş gözleýän bolsaňyz, bu habar Siz üçin
Iş Iş orunlarynyň boşlyklary 13.10.2026, 14:26 38

Saýat etrabynyň çäginde iş gözleýän bolsaňyz, bu habar Siz üçin

Ylalaşyk boýunça

16-njy oktýabrda Saýat etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.

Çäre etrabyň S.Nyýazow köçesiniň 31-nji jaýynda ýerleşýän Saýat şäher geňeşliginiň edara binasynda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli geçiriler.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlar şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaly bolarlar.

Goşmaça maglumat üçin aşakdaky telefon belgisine jaň edip bilersiňiz:

(800447) 2-35-11