Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýoga hünärmeni wezipesine işe kabul edýär
Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy diplomatik wekilhananyň çäginde we Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda yzygiderli ýoga sapaklaryny geçirmek üçin ýerli ýoga hünärmeni wezipesine anketalary kabul edýär.
Ýaşy 25–50 ýaş aralygyndaky ýokary bilimi, fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolan hünärmenler işe kabul edilýär. Dalaşgärlerden rus, türkmen we iňlis dillerini suwara bilmekligi we ýoga okatmakda 3 ýyllyk iş tejribesi bolmaklygy talap edilýär.
Şeýle-de, olaryň kompýuter sowatlylygy, şol sanda audio/wideo ýazgy etmek/ýüklemek, mikşirlemek we YouTube/internetdäki wideolary redaktirlemek ukyby bolmalydyr.
Gyzyklanma bildirýänler öz arzalaryny terjimehal, iş tejribesi we bilimi baradaky maglumatlar bilen bilelikde şu aşakdaky salga iberip bilerler.
Salgysy: Hindistanyň ilçihanasy, Halkara biznes merkezi, Ý.Emre köçesi, 1-nji jaý, Mir 2/1, poçta gutusy №80, Aşgabat-744017, Türkmenistan.
Arzalar şu ýylyň 14-nji awgustyna çenli kabul ediler.
Bu mesele boýunça goşmaça maglumatlary iş günleri sagat 09:00-dan 13:00-a çenli we 14:00-dan 17:30-a çenli ilçihananyň şu aşakdaky telefon belgilerine jaň edip we elektron poçta salgylaryna iberip bilersiňiz.
E-poçta: int.ashgabat@mea.gov.in / pic.ashgabat@mea.gov.in
45-61-52
45-61-53