| Ashgabat | 21°C
Bu habar Aşgabatda iş gözleýänleriň dykgatyna!
Iş Iş orunlarynyň boşlyklary 25.09.2026, 16:22 68

Bu habar Aşgabatda iş gözleýänleriň dykgatyna!

Ylalaşyk boýunça

8-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň Ilatyň zähmet we iş üpjünçilik müdirligi tarapyndan boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.

Çäre sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler.

Dalaşgärler şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, bar bolsa zähmet depderçesi we hünärini tassyklaýan resminamasy bilen çärä gatnaşyp bilerler.