| Ashgabat | 30°C
Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynda işlemek isleýärsiňizmi?
Iş orunlarynyň boşlyklary 07.08.2026, 14:37 3

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynda işlemek isleýärsiňizmi?

Ylalaşyk boýunça

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy iki sany boş iş ornuna, ýagny kätip we garawul-tehnik wezipesine işgärleri işe kabul edýändigini yglan etdi.

Kätip wezipesi boýunça dalaşgärlere ýokary bilimli bolmaklary, rus, türkmen we hytaý dillerini erkin bilmekleri talap edilýär. Şeýle-de dalaşgärler 20 ýaşdan 45 ýaşa çenli bolmalydyrlar.

Dalaşgärlerden resmi hatlary we resminamalary taýýarlamak, terjime etmek hem-de resmileşdirmek başarnygy, ofis programmalaryny ynamly ulanmak ukyby, şeýle hem işewürlik etikasynyň kadalaryny bilmek talap edilýär. Terjimeçi hökmünde iş tejribesiniň bolmagy we iňlis dilini bilmegi artykmaçlyk hökmünde bolar.

Garawul-tehnik wezipesine 40 ýaşa çenli, orta hünär ýa-da tehniki bilimi bolan, rus we türkmen dillerini bilýän raýatlar çagyrylýar. Olar adaty abatlaýyş we tehniki işleri ýerine ýetirmek başarnygyna eýe bolmalydyrlar. Degişli ugur boýunça iş tejribesiniň we hytaý dilini bilmegiň goşmaça artykmaçlyk hasaplanjakdygy aýdylýar.

Dalaşgärler rus ýa-da hytaý dilinde ýazylan, aragatnaşyk maglumatlary görkezilen terjimehalyny, içerki we daşary ýurt pasportlarynyň göçürmelerini, bilim baradaky resminamalaryň göçürmelerini hem-de bir sany reňkli fotosuratyny tabşyrmalydyr.

Resminamalar chinaemb_tm@mfa.gov.cn elektron poçta salgysyna hatyň mowzugynda «Işlemek üçin arza — F.A.A.» diýen bellik bilen ýa-da Aşgabat şäheri, Arçabil köçesi, j. 45 salgysy boýunça degişli bellik edilen bukjada kabul ediler.

Talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar we talaplara laýyk gelmediklere aýratyn habar berilmez.

Söhbetdeşlikden üstünlikli geçen dalaşgär üç aýlyk synag möhletini göz öňünde tutýan zähmet şertnamasy baglaşylar. Synag möhleti üstünlikli tamamlanandan soň bolsa, onuň bilen hemişelik zähmet şertnamasy baglaşylar.