| Ashgabat | 30°C
Mary şäheriniň çägindäki kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň, hususy telekeçileriň we etrabyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!
Iş orunlarynyň boşlyklary 31.07.2026, 19:07 18

Mary şäheriniň çägindäki kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň, hususy telekeçileriň we etrabyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Ylalaşyk boýunça

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi şu ýylyň 3-nji awgustynda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklary haýyş edilýär.

Çäre Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň 51-nji jaýynda ýerleşýän Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgünde geçiriler.

Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

800522 6-31-61
800558 6-36-98