| Ashgabat | 22°C
Ykdysadyýet 03.11.2026, 14:21 5

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B. Annamämmedowyň «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatdaky çykyşy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B. Annamämmedowyň «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatdaky çykyşy

Salawmaleýkim, hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda döwletli Diýarymyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Çuňňur Hormatlanylýan Belent Mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu gün geçirilýän halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara iberen çuň manyly Gutlagynda: «Häzirki döwürde eziz Watanymyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urup, dünýäniň kuwwatly, durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyz innowasion senagat önümçiligini ösdürmek ýoly bilen ynamly öňe barýar» diýip bellemegi bizi — Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň agzybir işgärlerini — mundan beýläk-de tutanýerli we yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Ýurdumyzda häzirki zaman keşbini giň gerimli gurluşyklar bilen döwrebap derejede özgertmek Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, elektroenergetika, himiýa pudaklarynyň işiniň möhüm ugrudyr. Bu pudaklara ägirt uly maýa goýumlarynyň goýulmagy, olaryň netijeli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilmegi, kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagy, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň okgunly we sazlaşykly ösmegine ýardam edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryndan gözbaş alýan özgertmeleriň netijesinde mähriban Watanymyzda ak mermere beslenen belent binalar, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, myhmanhanalar, lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, senagat toplumlary we beýleki desgalar gurlup, ulanmaga berilýär. Gurlup, ulanmaga berilýän döwrebap obalar, şäherler we şäherçeler binagärlik we şähergurluşyk babatda ýurdumyzyň täzeçil ýörelgeleriniň, ata Watanymyzyň belent ösüşleriniň aýdyň görkezijileri bolup durýar.

Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň we dünýäniň şähergurluşygynyň ajaýyp üstünligidir. Milli binagärligiň iň gowy däpleri bilen häzirki zaman ýörelgeleriniň sazlaşykly utgaşmasy esasynda sanlyja ýylyň içinde kemala gelen bu ajaýyp şäheriň birinji tapgyrynyň häzirki zaman we kaşaň binalary bu ýere gelýänlerde ýakymly ýatlamalary galdyrýar. Häzirki wagtda döwrebap şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýokary depginler bilen dowam etdirilýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň aprel aýynda Belent Mertebeli Prezidentimiziň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Täze şäherçede jemi 22 müň 500-den gowrak ilata niýetlenen ähli amatlyklary bolan 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýy bina ediler. Şeýle hem bu ýerde Geňeşiň edara binasy, orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýi, metjit gurlup, ulanmaga berler. Täze şäherçede döwrebap durmuş üpjünçilik ulgamlary hereket eder.

Berkarar Watanymyzyň okgunly ösüşlerinde ak mermerli paýtagtymyzyň hem mynasyp orny bar. Merkezi Aziýanyň merjeni — Aşgabat halkara hyzmatdaşlygyň esasy merkezi, uly wekilçilikli forumlaryň yzygiderli geçirilýän şäheri hökmünde ykrar edildi. Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynda hem Aşgabat şäheriniň ösdürilmegine ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garalýar. Şonuň esasynda paýtagtymyzyň özboluşly we gaýtalanmajak keşbi kemala gelýär. Binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda yzygiderli gurulýan we ulanylmaga berilýän desgalaryň her biri owadanlygy, kaşaňlygy hem-de döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.

Toplumyň düzümine girýän Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň önümçilik kärhanalary ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary zerur gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, ilata ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa gurluşyk önümlerini hödürleýär. Häzirki döwürde Diýarymyzda döwrebap senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar.

2025-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge niýetlenen «Bäherden» keramiki kärhanasy hem-de paýtagtymyzyň demirgazygynda senagat toplumynyň çäginde bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän önümhana dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Bu önümçilik kärhanalary ýurdumyzyň senagat pudagyny has-da ösdürmäge hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde elektroenergetika ulgamy möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtlaryň sarp edijilerine ibermek, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamy kemala getirmek taslamasynyň çäklerinde Mary — Ahal, Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ugurlarynda ýokary güýjenmeli howa elektrik geçirijileri we elektrik beketleri gurlup, ulanmaga berildi. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini öndürmäge-de uly üns berilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar hem-de ýakyn wagtda açmak meýilleşdirilýär.

Berkarar döwletimizde himiýa senagatynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ugurdaş kärhanalara sanly ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Konsern tarapyndan ýurdumyzyň sarp edijilerini oba hojalyk dökünleri we gazhimiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Pudakda kuwwatly we döwrebap himiýa kärhanalaryny gurmak boýunça hem uly göwrümli işler durmuşa geçirilýär. 2025-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherindäki S. A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşyklarynyň düýbüniň tutulmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Gyýanlydaky polimer zawodynyň düýpli abatlaýyş işleri alnyp barylýar, Ahal welaýatynda ikinji gazdan benzin öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýol gurluşygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalanýar, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň bellenen wezipelerine laýyklykda alyp barýan işleri has-da kämilleşdirilýär. Dünýä ölçeglerine görä, öňdebaryjy ýolgurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýurdumyzyň çäklerinde ýerli we döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň gurluşygy üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, uzynlygy 600 kilometr bolan «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýoly işe girizildi. Häzirki wagtda «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi» awtomobil ýolunyň «Türkmenbaşy — Garabogaz» böleginiň gurluşygy dowam etdirilýär.

Ýolgurluşygynda geçirilýän bu işler Türkmenistanyň ulag ulgamynyň geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga, logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönüden-göni ýardam etmek bilen, halkara ähmiýetli iri ulag geçelgesi hökmünde Watanymyzyň derejesiniň ykrar edilmegine amatly şertleri döreder.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Şu gün geçirilýän giň möçberli halkara sergisine we maslahata biziň toplumymyzyň ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalary we işewür adamlar, ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň wekilleri we telekeçiler gatnaşýar. Bu sergi we maslahat ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda özara tejribe alyşmak, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we iki tarap üçin hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm ähmiýete eýedir diýip hasaplaýaryn.

Sözümiň ahyrynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara iberen mähirli Gutlagy hem-de bu möhüm çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döreden ajaýyp mümkinçiligi üçin Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Çuňňur Hormatlanylýan Belent Mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde elmydama üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýärin. Goý, Hormatly Prezidentimiziň we Türkmen halkynyň Milli Lideriniň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Diňläniňiz üçin köp sag boluň!

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!