Meşhur «Galatasaraý» topary göz astyndamy?
«Galatasaraý» topary Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynda «Barselona» garşy öz meýdançasynda geçirilen duşuşykdan (1:4) soň stadiondaky janköýerleriň sesini emeli usulda ýaýratmakda aýyplanyp, uly jedeliň merkezinde galdy.
RAMS Park stadionynyň guramaçylary duşuşygyň ahyrky jürlewüginden soň ses ulgamyny öçürmegi ýatdan çykardylar. Netijede, bu ýagdaý göni ýaýlymda ýüze çykyp, janköýerleriň sesiniň emeli usulda ýaýradylandygy baradaky şübheleri güýçlendirdi.
Bu ýagdaý UEFA-nyň düzgünnamasy bilen hem baglanyşdyrylýar.
UEFA-nyň stadionlaryň howpsuzlygy baradaky düzgünnamasynyň 43.03-nji maddasyna laýyklykda, garşydaş topara basyş etmek ýa-da öz toparyňy emeli usulda goldamak maksady bilen ses güýçlendiriji ulgamlary ulanmak gadagan edilýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!