| Ashgabat | 28°C
Gyzykly maglumat 16.10.2026, 13:17 2

Angliýada meşhur bolan familiýalary bilýärdiňizmi?!

Angliýada meşhur bolan familiýalary bilýärdiňizmi?!

Beýik Britaniýanyň Milli statistika gullugynyň soňky görkezijilerine görä, soňky 30 ýylyň dowamynda Angliýada we Welsde täze doglan çagalaryň arasynda iň köp duş gelýän familiýalaryň sanawynda düýpli üýtgeşmeler bolup geçdi.

Öň däp bolan britan familiýalary öňdäki orunlary eýelän bolsa, häzirki wagtda beýleki etnik we medeni toparlara mahsus familiýalar hem sanawda has ýygy görünýär.

Otuz ýyl gowrak mundan ozal ilkinji onlukda Smit, Jons, Wilýams, Teýlor, Braun, Dewis, Ewans, Tomas, Jonson we Wilson ýaly däp bolan britan familiýalary ýerleşýärdi.

Häzirki wagtda Smit, Jons we Wilýams bilen bir hatarda Han, Ahmed, Aly, Husseýn, Singh, Patel we Kaur ýaly Günorta Aziýa hem-de beýleki jemgyýetlere mahsus familiýalar hem has giňden ulanylýar.

«Daily Mail» neşiriniň bellemegine görä, Jons we Wilýams familiýalarynyň ulanylyş ýygylygy takmynan 43% azaldy. Şol bir wagtyň özünde Han, Ahmed we Aly familiýalarynyň sany iki esse, Singh we Kaur familiýalarynyň ulanylyşy bolsa azyndan bäş esse artdy.

Migrasiýa gözegçiligi boýunça analitik merkeziniň wekili Rob Beýtsiň bellemegine görä, bu ýagdaý ýurtda bolup geçýän demografik üýtgeşmeler bilen baglanyşyklydyr.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!