Hytaýyň demir ýollary rekord goýdy
Hytaýyň demir ýollary bir günde gatnadylan ýolagçylaryň sany boýunça täze rekord goýdy. Bir gije-gündiziň dowamynda otlular 25,2 million adama hyzmat etdi.
Bu rekord Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen gününiň, ýagny 1-nji oktýabryň hormatyna yglan edilen baýramçylyk dynç alyş günleriniň ilkinji gününde hasaba alyndy.
Ertesi gün ýolagçy gatnawynyň möçberiniň 20,4 million adama ýetjegi çak edilip, ýolagçylaryň artýan islegini kanagatlandyrmak üçin goşmaça 1 462 otly gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirildi.
Ýolagçylaryň iň köp ugraýan şäherleriniň hatarynda Pekin, Guançžou, Şanhaý, Çendu, Şençžen, Hançžou, Uhan, Sian, Çžençžou we Nankin bar.
Sian—Çendu, Pekin—Şenýan, Pekin—Çžençžou we Pekin—Çindao ugurlary bolsa has köp gatnawly bolup çykdy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!