| Ashgabat | 16°C
Syýasat 22.10.2026, 17:36 6

CNPC International Turkmenistan kompaniýasynyň baş direktory Du Ýuminiň çykyşy

CNPC International Turkmenistan kompaniýasynyň baş direktory Du Ýuminiň çykyşy

Hormatly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary jenap Agajanow!

Hormatly Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy jenap Babaýew!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!

Salam!

Bu foruma gatnaşmak meniň üçin uly hormatdyr. Ilki bilen, CNPC kompaniýasynyň adyndan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatyň we serginiň açylmagy bilen guramaçylary we gatnaşyjylary gutlamaga rugsat ediň.

Hünär dialogy, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin şeýle möhüm halkara meýdançasyny döredendikleri üçin guramaçylara minnetdarlyk bildirýärin.

Şu pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek, şeýle hem Hytaý — Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyna yzygiderli goldaw berýändikleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallygymy we minnetdarlygymy bildirmek isleýärin.

Soňky iki onýyllygyň dowamynda ýurtlarymyzyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy Ýewraziýa giňişligindäki uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň iň ähmiýetli mysallarynyň birine öwrüldi.

Ol özara ynama, taraplaryň bähbitlerine hormat goýmaga we umumy ösüşe bolan ymtylyşa esaslanýar.

Bu hyzmatdaşlygyň taryhy 2006-njy ýylyň aprelinde Baş ylalaşyga we 2007-nji ýylyň iýulynda «Bagtyýarlyk» şertnama çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnama gol çekilenden soň täze ösüş tapgyryna gadam basdy.

CNPC Amyderýanyň sag kenaryndaky känleri özleşdirmäge başlady. Bu känler Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi üçin möhüm serişde binýadyna öwrüldi.

Häzirki wagtda iki ýurduň bilelikdäki tagallalary netijesinde türkmen tebigy gazy Hytaýyň dürli sebitlerine ýetirilýär.

Bu iri infrastruktura taslamasy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrýar, ykdysady ösüşe ýardam berýär we hyzmatdaşlygyň ähli gatnaşyjylary üçin uzak möhletleýin artykmaçlyklary döredýär.

Onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhüm tapgyrlarynyň biri 2026-njy ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa amala aşyran dostlukly sapary we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen geçiren duşuşygy boldy.

Gazanylan ylalaşyklar iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi.

Munuň amaly subutnamasy 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyry boýunça işleriň dabaraly başlanmagy boldy.

Çärä iki döwletiň ýolbaşçy wekilleri — türkmen halkynyň Milli Lideri we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan gatnaşdy.

CNPC üçin bu taslama aýratyn ähmiýete eýedir.

Ol Hytaý — Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryny hem-de ýokary tehnologik standartlara, netijeli dolandyryşa, ekologiýa jogapkärçiligine we özara bähbitlilige bolan umumy ygrarlylygymyzy görkezýär.

Hormatly hanymlar we jenaplar!

Türkmenistan dünýäniň iň iri tebigy gaz gorlarynyň birine eýedir we energetika pudagyny durnukly ösdürmek strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.

Ýurt üpjünçiligiň durnuklylygyny saklamak we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek arkaly sebitleýin hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga möhüm goşant goşýar.

Häzirki maslahat Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda geçirilýär.

Ol, şeýle hem ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna gabat gelýär we Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň ösüşinde möhüm tapgyry alamatlandyrýar.

Häzirki wagtda geljege nazar aýlap, biz Hytaý — Türkmenistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri görýäris.

Bilelikdäki tagallalar arkaly özara ynamy pugtalandyrmagy, gaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi we energetikanyň durnukly ösüşine ýardam bermegi maksat edinýäris.

CNPC energetika taslamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, innowasiýalary we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem uzak möhletleýin energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin ähli hyzmatdaşlar bilen ýakyn gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyr.

Hormatly hanymlar we jenaplar!

Sözümiň ahyrynda hyzmatdaşlygymyza berýän goldawy üçin Türkmenistanyň Hökümetine, «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygyna we maslahatyň guramaçylaryna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatyna we sergisine netijeli iş we uly üstünlikler, ähli gatnaşyjylara bolsa berk jan saglygyny, abadançylygy we täze hünär üstünliklerini arzuw edýärin.

Üns bereniňiz üçin sag boluň!

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!