Ýarym tonnadan hem agyr kädi ýetişdirildi
Bagbançylyk äleminde nobatdaky haýran galdyryjy rekordlar hasaba alyndy. Beýik Britaniýaly we ABŞ-ly bagbanlar özleriniň tutanýerliliginiň netijesinde öňki dünýä görkezijilerini täzelemegi başardylar.
Angliýanyň Berkşir graflygynda geçirilen «Wargrave Nursery Giant Pumpkin Weigh-off» bäsleşiginde 65 ýaşly bagban Ien Paton özüniň 1296 kilogramlyk äpet kädisini köpçülige hödürledi.
Aýlawy 6 metrden geçýän bu äpet gök önüme meşhur «Jeňňel kitaby» ertekisindäki gara gaplaňyň adyndan ugur alnyp, «Bagira» diýlip lakam berildi.
Bu görkeziji daýhanyň geçen ýyl öz ekiz taýy Stýuart bilen bilelikde goýan ozalky rekordyny — 1279 kilogramy hem yza galdyrdy.
Häzirki wagtda «Bagira» Sauthempton şäherindäki «Sunnyfields Farm» fermasynda sergilenýär. Oktýabr aýynyň ahyryna çenli ony baryp görmek mümkin. Şondan soň bolsa kädini iri şahly mallara iým hökmünde bermek meýilleşdirilýär.
Rekordçy bagban munuň bilen çäklenmekçi däl. Ol geljekde agramy 1360 kilograma ýetýän kädileri ýetişdirmegi maksat edinýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!