«Harri Potter» jadyly älemi iki täze kitap we täze serial bilen giňelýär
Ýazyjy J.K. Rouling «Harri Potter» jadyly dünýäsine degişli ýene iki sany täze kitabyň okyjylara ýetiriljekdigini mälim etdi. «Bloomsbury» neşirýaty tarapyndan taýýarlanylýan bu neşirleriň 2027-nji ýylyň 23-nji fewralynda çykarylmagyna garaşylýar.
Garaşylýan täze kitaplar «Pocket Potters» diýlip atlandyrylan tanyşdyryş kitapçalar tapgyrynyň dowamy bolup, olar meşhur professor Minerwa Makgonagalla hem-de ähliniň söýgüli ekizleri Fred we Jorj Wizlilere bagyşlanar.
Her kitapda gahrymanlaryň durmuşyndan gyzykly maglumatlar, özboluşly sitatalar we möhüm faktlar jemlener. Bu neşirler esasan çagalar köpçüligine niýetlenen hem bolsa, Harri Potter äleminiň uly ýaşly janköýerleri üçin hem uly gyzyklanma döreder.
Ozal bu tapgyrda Harri, Ron, Germiona, Luna Lawgud we Dambldor barada ýörite ýygyndylar neşir edilipdi.
Mundan başga-da, dekabr aýynyň ahyrynda — Roždestwo baýramçylygy günlerinde HBO tarapyndan surata düşürilen «Harri Potter» täze serialy okyjylara we tomaşaçylara gowşurylar. Serialda baş keşpleri Dominik Maklaflin (Harri Potter), Alaster Staut (Ron Wizli) we Arabella Stenton (Germiona Greýnjer) ýaly ýaş aktýorlar ýerine ýetirýärler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!