«GTA VI» oýnunyň kompýutere niýetlenen görnüşi 2027-nji ýylda çykar
Insaýderleriň «GamesBeat» neşirine beren maglumatlaryna görä, «Rockstar Games» kompaniýasy «Grand Theft Auto VI» oýnunyň şahsy kompýuterler (ŞK) üçin niýetlenen wersiýasyny 2027-nji ýylyň ilkinji üç aýynda köpçülige hödürlemegi göz öňünde tutýar.
Oýnuň «PlayStation 5» we «Xbox Series X/S» konsollary üçin niýetlenen görnüşiniň 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda çykmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa, ŞK üçin resmi reliz senesi öndürijiler tarapyndan entek takyk yglan edilmedi.
Eger bu maglumatlar tassyklansa, kompýuter oýunçylary täze bölüme öňküler bilen deňeşdirilende has ir gowşup bilerler. Mysal üçin, «GTA V» ilkinji gezek 2013-nji ýylyň güýzünde konsollarda çykyp, onuň ŞK wersiýasy diňe bir ýyl ýedi aýdan soň elýeterli bolupdy.
Analitikleriň bellemegine görä, kompaniýa üçin satyş möçberini artdyrmak we has giň oýunçylar köpçüligini özüne çekmek maksady bilen ŞK wersiýasyny has ir çykarmak strategik taýdan möhüm bolup biler.
Mundan başga-da, ulanyjy modlary hem-de rol oýnalýan (RP) serwerler bu prosesi tizleşdirmäge täsir edip biler. 2023-nji ýylda «Rockstar» kompaniýasynyň «GTA V» üçin niýetlenen «FiveM» platformasynyň döredijileri bolan «Cfx.re» toparyny öz düzümine goşmagy hem muňa üns çekilýän sebäpleriň biri hökmünde görkezilýär.
Şeýle serwerleriň esasan kompýuterlerde uly meşhurlyga eýe bolandygy sebäpli, täze oýnuň ŞK-da has ir çykmagy kompaniýa üçin möhüm bolup biler.
Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, awgust aýynda ýaýran maglumatlara görä, «GTA VI»-da ilkinji gezek giň göwrümli awtosport ulgamynyň girizilmeginiň mümkinligidir.
Oýunçylara halka ýaryşlary, ýolsuz ýerlerdäki päsgelçilikli ýaryşlar, motokross hem-de şäher köçelerindäki bäsleşikler ýaly dürli mümkinçilikleriň hödürlenmegine garaşylýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!