| Ashgabat | 22°C
Dünýaden 23.10.2026, 15:24 5

Ýaponiýada uçarda ýylan tapyldy

Ýaponiýada uçarda ýylan tapyldy

Ýaponiýanyň Fukuoka aeroportynda uçardan 40 santimetr uzynlykdaky ýylan tapylmagy sebäpli meýilleşdirilen gatnawlaryň biri ýatyryldy.

Tengri Travel neşiriniň ýapon köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, halynyň astyna giren süýrenijini tutmak üçin hünärmenlere bir güne golaý wagt gerek boldy.

Bu ýagdaý 19-njy oktýabrda ATR 42 kysymly uçar indiki uçuşa taýýarlanýarka ýüze çykaryldy. Uçar Simane welaýatynyň Izumo aeroportundan gelipdi we sagat 12:50-de yzyna gaýtmalydy.

Ýöne uçarda ýylanyň bardygy anyklanandan soň, gözleg we tutmak işleriniň uzaga çekmegi sebäpli awiakompaniýa reýsi ýatyrmaly boldy.

Japan Airlines toparyna degişli Japan Air Commuter kompaniýasynyň maglumatyna görä, ýylany ilki bilen tehniki gözden geçiriş geçirýän işgär görüpdir.

Şondan soň süýrenijini howpsuz ýagdaýda tutup aýyrmak üçin ýabany tebigat boýunça ýörite hünärmen çagyryldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!