| Ashgabat | 24°C
Dünýaden 21.10.2026, 12:24 16

Beýik Britaniýada jemgyýetçilik ulaglarynda päsgel berýän ýolagçylara garşy täze jerimeler girizildi

Beýik Britaniýada jemgyýetçilik ulaglarynda päsgel berýän ýolagçylara garşy täze jerimeler girizildi

Beýik Britaniýada köpçülikleýin ulaglarda tertip-düzgüni berkitmek maksady bilen täze kadalar güýje girdi.

«The Telegraph» neşiriniň habar bermegine görä, 19-njy oktýabrda ýurtda jemgyýete päsgel berýän hereketleriň öňüni almaga gönükdirilen maksatnama işe girizildi.

Täze düzgünlere eýerilmese, ýolagçylara iri möçberde jerime salnyp bilner. Ýolagçylardan aýdym diňlemek ýa-da wideolara seretmek üçin gulaklyk ulanmak talap ediler.

Duýduryşlara eýermän, galmagal döretmegi dowam etdiren şahslar nobatdaky duralgada ulagdan düşürilip, olara 1340 dollar töweregi jerime salnyp bilner.

Gözegçilik ediji edaralara we polisiýa gulluklaryna diňe bir gaty sesli aýdym-saz diňlenilmegine garşy däl, eýsem ulagyň içinde elektron çilim ulanylmagyna hem-de zir-zibil taşlanmagyna garşy degişli çäreleri görmek üçin hem doly ygtyýar berildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!