| Ashgabat | 23°C
Dünýaden 07.10.2026, 14:39 6

Özbegistanda dokuz gowak we bir duz käni indi syýahatçylyk merkezlerine öwrüler

Özbegistanda dokuz gowak we bir duz käni indi syýahatçylyk merkezlerine öwrüler

Özbegistan speleo syýahatçylygyny ösdürmek üçin meýilleşdirilen on tebigy obýekti kesgitledi. Ýurdüň dört sebitinde ýerasty syýahatçylyk ugurlary, zerur infrastruktura we myhmanlar üçin howpsuzlyk ulgamy dörediler diýip, Uznews habar berýär.

Sanaw Respublikanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen tassyklanyldy. Oňa Jizak, Samarkant, Surhanderýa we Kaşkaderýa sebitlerinde ýerleşen dokuz gowak we bir sany duz käni girdi.

Obýektlerde inwenterizasiýa geçiriler we bitewi elektron reýestr dörediler. Hünärmenler olaryň ýerleşýän ýerini, syýahatçylyk mümkinçiliklerini, tehniki ýagdaýyny we hukuk derejesini öwrener, şondan soň her bir obýekt üçin elektron pasport taýýarlanar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!