Türkmenistanda akrap döwri başlady
Türkmen halk senenamasynda akrap döwri başlady. 23-nji oktýabrdan başlanyp, 22-nji noýabra çenli dowam edýän akrap döwrüne ata-babalarymyz öňünden taýýarlyk görüpdirler.
Olar kişde, gawun kaky ýaly önümleri hut şu döwürde taýýarlapdyrlar.
Akrap gyşyň nähili geljegini öz alamatlary bilen duýdurýar.
Geçmişden şu günlere gelip ýeten yrym-ynançlara görä, garynjalar hinleriniň agzyna köp gum üýşüren bolsalar, onda sowuk günlere garaşyp bolar. Sebäbi olar gyşdan goranmak üçin hinlerini has çuň gazýarlar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!