| Ashgabat | 22°C
Dünýaden 05.10.2026, 13:02 1

ABŞ-da seýilgähden bahasy $250 müň bolan 6 karatlyk almaz tapyldy

ABŞ-da seýilgähden bahasy $250 müň bolan 6 karatlyk almaz tapyldy

ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň düzüminde ätiýaçlykda duran Jek Pireýdin Arkanzas ştatyndaky «Crater of Diamonds» döwlet seýilgähinde agramy 6,03 karat bolan almaz tapdy.

The Independent neşiriniň habar bermegine görä, bu daş şu ýyl seýilgähde tapylan iň uly almazdyr.

Pireýdin 2013-nji ýyldan bäri gymmatbaha daşlary gözlemek bilen meşgullanýar we bu seýilgähe yzygiderli baryp durýar. Ol şu ýyl tapan daşynyň adaty daşlardan tapawutlanýandygyny derrew duýupdyr.

Tapyndydan soň, käbir kolleksionerler onuň bahasynyň 1 million dollardan hem geçip biljekdigini çakladylar. Emma tejribeli hünärmenleriň biri hili we ululygy şeýle almazyň, takmynan, 250 müň dollara durýandygyny aýtdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!