Nýu-Ýork ştatynda gyzamyk sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi
ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň gubernatory Keti Hokul oba ýerlerinde we goňşy sebitlerde gyzamyk bilen keselleýänleriň sanynyň artmagy sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.
Ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin häkimiýetler goşmaça lukmançylyk işgärlerini işe çekýär. Olaryň esasy wezipeleri barlag geçirmek we ilata işjeň sanjym etmekden ybaratdyr.
Ýylyň başyndan bäri ştatda gyzamyk bilen kesellän 108 näsag hasaba alyndy. Olaryň ýedisi Nýu-Ýork şäheriniň ýaşaýjylarydyr. Oba ýerlerinde bolsa iýul aýynyň ortalaryndan bäri ilata müňden gowrak sanjym edildi.
Lukmanlary goňşy Pensilwaniýa ştatyndaky ýagdaý hem alada goýýar. Bu ýyl ol ýerde gyzamyk bilen 700-e golaý adam keselläp, olaryň 133-si hassahana ýerleşdirildi.
Awgust aýynda Pensilwaniýada gyzamyk bilen baglanyşykly dört ölüm hadysasy-da hasaba alyndy. Bu soňky 35 ýylda ilkinji şeýle ýagdaýdyr.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!