| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 16.10.2026, 13:13 2

Nýu-Ýorkda Möý-adamyň köçesi açyldy

Nýu-Ýorkda Möý-adamyň köçesi açyldy

Mälim bolşy ýaly, toslama gahrymanlaryň hem özüne mahsus «ýaşaýan ýerleri» bolýar. Nýu-Ýork şäheriniň Kwins etrabynyň Forest Hills çägindäki Ingram Street köçesiniň bir bölegine dabaraly ýagdaýda «Spider-Man Way» («Möý-adam ýoly») diýen goşmaça at berildi.

1989-njy ýyldaky komiks kitaplaryna görä, baş gahryman Piter Parker hut şu köçäniň 20-nji jaýynda ýaşapdyr. Şol sebäpli geçirilen dabaraly çäre şäher häkimiýetleriniň wekillerini, köp sanly ýaşaýjylary hem-de Möý-adamyň geýimini geýip gelen onlarça muşdagy bir ýere jemledi.

Möý-adamyň döredijileriniň biri bolan Stiw Ditkonyň garyndaşy Mark Ditko awtorlaryň Piter Parkeri ilkibaşdan «adaty köçäniň ýönekeý ýaşaýjysy» hökmünde suratlandyrandyklaryny belledi.

Kwinsde ýaşaýan adaty ýetginjek hökmünde döredilen bu gahryman soňlugy bilen häzirki zaman pop-medeniýetiniň iň meşhur keşpleriniň birine öwrüldi. Häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde millionlarça uly-kiçi onuň keşbini gowy görýär we oňa meňzemäge çalyşýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!