| Ashgabat | 23°C
Medeniýet 07.10.2026, 15:14 5

Norwegiýada jemgyýetçilik ýerlerinde emeli aňly äýneklere gadagançylyk giriziler

Norwegiýada jemgyýetçilik ýerlerinde emeli aňly äýneklere gadagançylyk giriziler

Norwegiýanyň häkimiýetleri seýilgähler, söwda merkezleri, hassahanalar, mekdepler we uniwersitetler ýaly jemgyýetçilik ýerlerinde emeli aňly «akylly» äýnekleri dakynmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär. Çäklendirmeler şahsy ulanylyşy, şeýle-de syýahatçylyk ugurlarynda surata düşürmegi öz içine almaýar.

Gadagançylygyň ähli şertleri ýörite hünärmenler topary tarapyndan öwrenilýär. Şeýle netijä gizlinligi we şahsyýet howpsuzlygyny goramak babatda geçirilýän çäreler sebäp boldy.

Daşky görnüşi boýunça adaty äýneklerden hiç hili tapawutlanmaýan emeli aňly äýnekler gizlin kameralar we mikrofonlar bilen üpjün edilendir.

2025-nji ýylda EssilorLuxottica kompaniýasy we Meta şeýle enjamlaryň 7 milliondan gowragyny satdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!