Moskwada özboluşly binagärlik toplumy gurular
Russiýanyň paýtagtynda täze binagärlik taslamasy tassyklanyldy. Şäher gurluşygy edaralarynyň goldawy bilen amala aşyryljak iri işewürlik merkeziniň gurluşygy özboluşly dizaýny bilen tapawutlanar.
Iki sany uly binadan ybarat boljak toplumyň birinji binasy dikligine uzalyp gidýän klassiki gönüburçly diň görnüşinde bolar. Ikinji bina bolsa trapesiýa şekiline meňzäp, ortasyndaky aýna bilen örtülen kesigi sebäpli ägirt uly göze ýa-da arka görnüşli portala meňzeş täsir döreder.
Işewürlik merkezinde iň döwrebap ofislerden başga-da söwda dükanlary, fitnes zallary, kafeler we restoranlar ýerleşer.
Mundan başga-da, taslamanyň çäginde giň ýaşyl seýilgäh, güllükler, dynç alyş zolaklary we tomusky eýwanlar göz öňünde tutulýar. Olaryň töweregi hem doly abadanlaşdyrylar.
Umumy meýdany 280 müň inedördül metre ýetýän bu taslama öňki ýük demir ýol stansiýasynyň çäginde ýerleşdiriler.
Işewürlik toplumynyň taslamasy «РЖД-Недвижимость» guramasynyň düzümine girýän «Новая эра» kärhanasy tarapyndan taýýarlanyldy. Binagärlik işleri bolsa IND býurosyna ynanyldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!